Sepleriň elýeterliligi

Pariž: Polisiýa 168 reýd geçirdi


Pariž, 13-nji noýabr, 2015.

Pariž, 13-nji noýabr, 2015.

Fransiýanyň häkimiýetleri Pariždäki heläkçilikli hüjümleriň yzýany polisiýanyň geçen gije tutuş ýurt boýunça 168 sany ýere reýd geçiredigini habar berdiler.

Içeri işler ministri Bernard Karnýew (Bernard Cazeneuve) 16-njy noýabrda eden çykyşynda 23 adamyň tussag edilendigini we 100-den gowrak adamyň öý tussaglygynyň astyna alnandygyny habar berdi.

Gözleg çäreleri 13-njy noýabrda Parižiň Sport stadionynda, konsert zalynda, restoranlarynda edilen hüjümleri amala aşyran toparyň agzalaryny we ýaranlaryny tapmak ugrunda geçirilýär. Hüjümde 132 adam wepat boldy.

Hüjümi amala aşyran wagtynda ölen ýedi hüjümçiden aglabasy bombaly guşaklaryny partlatdylar.

Prokurorlar hüjümçileriň ýene ikisiniň şahsyýetiniň anyklanandygyny, olaryň biriniň ozal terrorçylyk bilen baglylykda işe çekilendigini aýdýarlar.

Premýer-ministr Manuel Walls hüjümiň Siriýadan planlaşdyrylyp, guramalaşdyrylandygyny aýtdy.

Fransiýanyň uçarlary “Yslam döwleti” toparynyň Siriýadaky galasy bolan Rakka şäherine howadan hüjümleri amala aşyrdy.

XS
SM
MD
LG