Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ölen bäbegiň ejesi deportasiýa edildi


Zarina Ýunusowa

Zarina Ýunusowa

Orsýetde türmede ýogalan bäbegiň ejesi täjigistanly Zarina Ýunusowa öz oglunyň ölüminiň jikme-jik derňelmeginiň öňüni almak üçin gyssagly deportasiýa edilendigini aýdýar.

Ýunusowa we onuň bäş aýlyk merhum oglunyň jesedi 16-njy noýabrda Duşenbä bardy.

Ýunusowa öz oglunyň geçen aýda Sankt Peterburgda polisiýa tarapyndan özüniň we adamasynyň elinden alnanda sagdyn çaga bolandygyny žurnalistlere aýtdy.

Bäş aýlyk Umarali Nazarow 14-nji oktýabrda migrasiýa kanunlaryny bozmakda aýyplanyp tussag edilden ene-atasynyň elinden alynmagynyň ertesi ýogaldy.

Polisiýa çaganyň dem alyş infeksiýasyndan ölendigini aýdýar.

Täjigistanyň hökümeti Orsýetiň häkimiýetlerinden çaganyň ölümini derňemegi talap etdi. Bäbegiň ölümi Orsýetde täjik migrantlarynyň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň protestlerini tutaşdyrdy.

XS
SM
MD
LG