Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa “YD-a” howa zarbalaryna başlady


Siriýa.

Siriýa.

Fransiýa "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine olaryň Siriýada güýçli ýeri bolan Rakkada howa zarbalaryny urdy.

Bu aralykda Parižde bolan terrorçylykly hüjümleriň gurnalmagyna kömek etdi diýip güman edilýän bir adamyny gözlemek işleri dowam edýär.

Fransiýanyň Goranmak ministrligi 15-nji noýabrda bir beýannama çykaryp, ýurduň harby uçarlarynyň Rakka 20 sany bomba taşlap, bir gorhanany, şeýle hem jeňçileriň türgenleşik geçirýän lagerini dargadandygyny habar berdi.

“Uruş akty”

Ýurduň daşary işler ministri Laurent Fabius Türkiýede G20 sammitiniň gapdalyndan çykyş edip, Fransiýanyň goranmak üçin reaksiýa görkezýändigini aýtdy. Fabius:

"Biz Yslam döwleti toparyna jogapsyz hüjüm etmäge ýol bermeris" diýdi.

Merkezi Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýnça synçy topary hem öten aşgam Rakkada gorhanalara we bir türgenleşik lagerine howa zarbalarynyň urlandygyny habar berdi. Synçy toparyň bildirmegine görä, çekilen ýitgiler barada maglumat berilmändir.

Howa zarbalary Parižde 132 adamynyň ölmegine, 320 adamynyň hem ýaralanmagyna getiren terrorçylykly hüjümlerden soňra ýola goýuldy.

Fransiýanyň prezidenti Francois Holand hüjümleri "uruş akty" diýip atlandyryp, ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Ol bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan "Yslam döwleti" toparyna "rehimsizlik" bilen gaýtawul bermegi wada etdi.

“Bu işler diňe Fransiýanyň däl...”

16-njy noýabrda Fransiýanyň premýer-ministri Mauel Walls tutuş Fransiýada güman edilýän yslamçylaryň öýlerini gije polisiň dökendigini bildirdi.

Ol: "Biz adatdan daşary ýagdaýyň kanuny mümkinçiliklerinden peýdalanyp, radikal jyhatçy hereketiň bir bölegi bolan adamlardan ... şeýle hem respublikada özara ýigrenjiň tarapyny çalýanlardan sorag edýäris" diýdi.

Walls soňra hem: "Biz bu işleriň diňe Fransiýanyň däl, eýse Ýewropanyň beýleki döwletleriniň hem garşysyna planlaşdyrylandygyny we şu wagt hem planlaşdyrylýandygyny bilýäris" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Fransuz polisiýasy öz iki dogany bilen bu gazaply hüjümleriň Belgiýada gurnalmagyna kömek etdi diýip güman edilýän bir adamyny tussag astyna almak boýunça halkara orderini çykardy.

Polisiýa hüjüm bilen baglylykda Belgiýada doglan Abdeslam Salayň gözlenýändigini aýdyp, ony "howply" diýip häsiýetlendirdi.

Belgiýaly resmiler Belgiýada hasaba alnan iki sany ulag Parižde tapylanyndan soň Brýusselde ýedi adamyň tutulandygyny bildirdiler. Bu iki ulag hüjümlerde ulanylypdyr diýip güman edilýär.

"Men Belgiýa topragynda ýigrenç wagyzçylarynyň bolmagyny islämok. Belgiýada olara ýer ýok" diýip, Belgiýanyň premýer-ministri Çarls Mişel Twitterde ýazdy.

Hüjümçileriň biriniň ady Ysmaýyl Omar Mostfaýi diýilýär. 29 ýaşly Mostafaýi Parižiň günorta-gündogarynda ýerleşýän Şartres şäherinde ýaşapdyr.

Parižiň "Respublika" ýadygärligi indi 13-nji noýabrda bolan hüjümlerde pida bolanlary hatyralamak üçin gelinýän ýere öwrüldi. Parižli Danielle 15-nji noýabrda öz gorkunsyny şeýle beýan etdi: "Men pikirlerimi jemläp, ölenleriň ýanynda bolaýyn diýdim. Ýöne her zatdan öň gyrgynçylygyň bes edilmelidigine hemmeler düşüner diýen az-kem umydym bar. Gynansam-da, gorkýaryn. Gorkýaryn diýmäge-de ysgynym ýok. Kim men gorkamok diýip biler? Hemmeler gorkýarlar".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG