Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oka!


Kitap.
Kitap.

Bu waka öňräk bolupdy. Ýöne başgalaryň durmuşynda-da gaýtalanmagy mümkin diýip, men ony ýada saldym.

Özbaşyma gazanç gözläp, ilkinji gezek öýden çykanymda, şeýle waka sataşdym.

Aeroport

Ýat ýerde, üstesine-de aljyraňňy adam islendik şertde azaşyp bilýär.

Halkara aeroporty. Ol Londondaky ýaly ägirt uly däl. Bolsa-da, Garagumda önüp-ösen bir türkmen üçin, kiçi hem däl. Nähilem bolsa men ondan baş çykaryp bilmedim.

Ol ýer ýolagçydan doly. Olar bir ýerlere gidýärler, birleri howlukmaç, başgalary arkaýyn. Menem şol köplügiň hatarynda goşulaýjak ýalydym. Ýöne azaşdym.

Uçara geçmeli derwezämi tapmadym. Hyýalymda tutup barýan ýol tanapym üzüldi-de, ýolumy yzarlamaga ugur galmady. Bir ýüpden ýapyşyp barýan kör bolýandyr-a, eger onuň ýüpi üzülse näder? Biz şeýle, hökman bir zatdan ýapyşmaly ýa biriniň yzyna düşmeli.

Hany derweze?

Men barjak derwezämi tapamok. Ol ýok. Derweze bar, ýöne meniň girmeli derwezäm däl.

Aýlandym, aýlandym, ýene aýlandym. Ýöne öz uçmaly reýsimi görkezýän derwezäni görmedim. Meni der basdy. Men tizligimi artdyrmaly boldum. Soňra şol bir baran ýerime eýýäm ikinji ýa-da üçünji gezek barýandygymy bildim. Meniň gözleýän derwezäm ýok.

Wagt geçip, uçmaly biletim köýüp barýar. Ýol salgy almaga adam gözleýän, biziňkilerden hiç kim göze ilenok. Bar ýerde telewizor goýlupdyr. Maňa bolsa: “Ynha, şu ýere bar!” diýip, biriniň görkezmegi ýa elimden idip, ol ýere eltmegi gerek.

Ýardam

Men ýüzi parahat görünýän özüm ýaly bir ýolagça elimdäki biletimi görkezdim. Ol biletiň ýüzündäkileri okap, iňlis dilinde bir zatlar diýdi. Men welin nädersiň ýeke sözüne düşünsem! Şonda-da başymy atyp, hamana, düşünenden bolýan. Ol bende meniň ýagdaýymy aňlady öýdýän, aýdanlaryny ýene hetjikläp, guş dilinde saýrady. Ahyry elini salgap, meniň barmaly ugrumy salgy berdi.

Salgy berlen ýere bardym. Çalşyp duran ýazgylara seretdim. Birden meniň reýsim gözüme ildi. Onuň yzyndaky “Garaşyň!” diýen sözi okadym hem oňa düşündim. Uludan dem alyp, özümi ýumşak kürsä goýberdim.

Aşa howlugýan bolsam nätjek! Entek wagt bar ekeni. Ýaňadan sagada seretdim. Elimdäki biletiň ýazgylaryny gördüm. Ine, şol ýerde-de meniň haýsy gapa barmalydygym ýazylgy dur.

Howlukma

Nirä howlugýaň? Ýoluňy tapjak bolsaň, ýazylany oka! Töwerek-daşyňa seret. Iller ýaly kofejik ýa çaý iç. Şol iýip-içip oturan bendelerem puluny sençeräk gowy görýändir ahyryn. Demiňi dürse-de, özüňi ele al.

Oka! Men bu sözi näçe gezek özüme pent etdim. Elime ýazylyp berleni okaman, öňem birnäçe gezek kösenmeli boldum.

Gep diňe sowatlylykda ýa dil bilmezlikde däl. Menden has bisowat adamlaram başyny çaraýarlar. Zordan gyrmyldap ýören garrylaram bar. Emma aljyrap ýöreni ýok, ähli zat takyk hem düşnükli ýazylan. Diňe seretmeli hem okamaly. Arman, bizde şol endik ýok.

Okamazlyk

Biz okamajak bolup, gör, nähili erjellige ýüz urýarys. Bir ötegçiden soraýas, aýagymyzy bihuda azara goýýas, ýöne elimize ýazylyp berleni okajak bolamzok. Aslynda welin okamak buýrulan. Alla Tagaladan Pygambere inen iň ilkinji sözi ýatla. Oka! Şondan soň Allanyň ady bilen oka diýlip, ikinji gezek ýaňadan buýrulýar. Bu gör nähili möhüm buýruk!

Çagalykdan saýlanyp, pile güýjüm ýetenden, kolhozyň gowaça meýdanynda işläp başladym. Iň bolmanda, iýjek nanymy gazanmaga çalyşýardym. Uly adamlar meniň öz boýumdan uly pili süýräp ýörenimi görenlerinde, başyny ýaýkardylar. “Inim, oka! Okasaň adam sanyna goşularsyň. Ýogsa biz ýaly, depäňden gum sowrup, bütin ömrüňi gara hyzmat bilen geçirersiň. Adam boljak bolsaň okagyn, zamana şoňa öwrüldi…” diýip sargaýardylar.

Ol sözler mundan köp ýyl öň aýdylandygyna garamazdan, entegem gulagymda ýaňlanyp dur. Biz okamadygymyz üçin, nähili kösençlige sezewar bolduk. Şol kösenç şindizem bize hemra bolup gelýär. Okamadygyň üçin gowaça meýdanynda däl, içi adamdan doly giň aeroportda-da azaşyp ýörsüň.

Indi durmuş açykdan-açyk okamagy talap edýär. Okamadyk pursadyňam kösenje uçraýaň. Ýene mejbur bolaýmasak, okajak bolamzok.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň öz pikiri.

XS
SM
MD
LG