Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambuldaky türkmen göreşleri


Gunduzly Muhammetullah pälwan (çepden saga), türk göreş mugallymy owalky Ýewropa çempionlaryndan Selim Tataroglu we Owganystan türkmenleri jemgyýetiniň owalky başlygy işewür Ali Çagry.
Gunduzly Muhammetullah pälwan (çepden saga), türk göreş mugallymy owalky Ýewropa çempionlaryndan Selim Tataroglu we Owganystan türkmenleri jemgyýetiniň owalky başlygy işewür Ali Çagry.

Türkiýedäki türkmen diasporanyň arasynda dowam edýän milli adatlaryň biri hem göreşdir. Göreşler, şol bir wagtyň özünde türkmen diasporanyň Stambuldaky duşuşyk ýerine hem öwrülipdir.

Stambulyň Zeýtinburnu etrabynyň deňiz kenarynda hepdäniň her dynç alyş günleri tutulýan göreşler, diňe bir Türkiýede ýaşaýan türkmenleriň däl, eýse dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen doganlyk halklaryň arasynda hem soňky wagtlarda meşhurlyk gazanypdyr.

Azatlyk Radiosy hem Stambulyň Zeýtinburnu etrabynda deňiz kenarynda tutulýan göreşleri ýerinde baryp görüp, çäräniň guramaçylary we pälwanlar bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň geljek sanynda gürrüňi gozgalýan Stambuldaky göreşler we oňa türkmen diasporanyň bildirýän gyzyklanmasy, göreşleriň dünýä türkmenleriniň gatnaşygynda hem gündelik durmuşda oýnaýan roly hakda gürüň ediler.

Bu temadan öz pikir garaýyşlaryňyzy aýtmak isleseňiz biziň bilen habarlaşyň. Salgymyz hat@azathabar.org . Bu temadaky teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG