Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Obamanyň bosgunlar plany garşylyk döretdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň terrorçylykdan gaçýan bosgunlary kabul etmegiň zerurdygyny bellemegine garamazdan, ýurduň gubernatorlary Pariždäki terrorçy hüjümlerden soň siriýaly bosgunlaryň kabul edilmegini bes etjekdiklerini aýdýarlar.

Obamanyň administrasiýasy graždan urşundan gaçyp çykan 10 müň çemesi bosguny kabul etmegi ýakynda wada berdi. BMG görä, Siriýadaky uruş dört million adamyň bosgun bolmagyna getirdi.

13-nji noýabrda Parižde bolan hüjümleriň yzýany, ABŞ-nyň gubernatorlarynyň ençemesi, esasan respublikanlar bosgunlara garşy çykyş etdi.

Fransiýanyň häkimiýetleri Parižde hüjümleri amala aşyranlaryň biriniň ýanynda Siriýanyň pasportynyň tapylandygyny, Parižiň prokuraturasy beýlekileriň barmak yzlarynyň oktýabrda Gresiýanyň üstünde aşan adamlara degişlidigini belledi.

XS
SM
MD
LG