Sepleriň elýeterliligi

'YD' hüjümleriniň ýene ähtimaldygy aýdylýar


ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw agentliginiň (CIA) ýolbaşçysy Jon Brennan, Waşington, 16-njy noýabr, 2015

ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw agentliginiň (CIA) ýolbaşçysy Jon Brennan, Waşington, 16-njy noýabr, 2015

ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw agentligi (CIA) geçen hepdede Parižde terrorçy hüjümi amala aşyrandygyny aýdýan “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň başga hüjümleri planlaşdyrýan bolmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy.

Jon Brennan 16-njy noýabrda Waşingtonda eden çykyşynda potensial hüjümleriň öňüni almak işiniň kyn bolup biljekdigini, sebäbi Ýewropanyň aňtaw we howpsuzlyk agentlikleri üçin Siriýada we Yrakda söweşip, öýlerine dolanyp baran ýüzlerçe ekstremisti gözläp tapmagynyň örän kyndygyny belledi.

ABŞ-nyň we Ýewropanyň aňtaw gulluklary “Yslam döwleti” toparynyň Pariždäki hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alyp eden beýannamasyny tassyklamadylar, emma Brennan bu hüjümleriň, şeýle-de 31-nji oktýabrda Müsürde orsýet uçarynyň ýere gaçyrylmagynyň yslamçy toparyň “alamatlaryny görkezýändigini” belledi.

XS
SM
MD
LG