Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa 'YD' garşy harby gämi ýollady


Fransiýanyň "Şarl de Gol" atly uçar göteriji baş gämisi

Fransiýanyň "Şarl de Gol" atly uçar göteriji baş gämisi

Fransiýanyň prezidenti ýurduň uçar göteriji baş gämisine Ortaýer deňziniň gündogaryna ugramagy tabşyrdy. Fransiýa geçen hepdede Parižde bolan terrorçylykly hüjümleriň yzýany Siriýada “Yslam döwleti” toparyny howadan bombalamak çärelerini güýçlendirdi.

Şeýle-de Fransua Holland ABŞ-nyň we Orsýetiň öz gapma-garşylyklaryndan el çekip, “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşýän güýçlere goşulmalydygyny aýtdy.

Holland bu çykyşyny Fransiýada yslamçy bolmakda güman edilýänlere garşy 150-den gowrak reýdiň geçirilmeginiň yzýany etdi.

13-nji noýabrda Parižiň sport stadionynda, konsert zalynda we restoranlarynda bolan hüjümler zerarly 130 çemesi adam wepat boldy we ýüzlerçe adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG