Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Internet kesildi


AÝ/AR-nyň habarçysynyň Azerbaýjandan habar bermegine görä, 16-njy noýabrda internetiň giň derejede öçürilmegi ýurduň durmuşyna täsir ýetiripdir.

Azerbaýjanyň Aragatnaşyk we informasion tehnologiýalar ministrligi internetiň sandan çykmagynyň esasy internet prowaýderi "Delta Telecom" kompaniýasynyň sistemasynda ýangynyň döremegi bilen baglydygyny aýtdy.

Ministrlik ýangynyň söndürilendigini we goşmaça mümkinçilikleriniň ulanylyp, internet aragatnaşygynyň dikeldilendigini habar berdi. Muňa garamazdan, ýurduň birnäçe böleginde internetiň elýeterli däldigi aýdylýar.

Azerbaýjanda internetiň kesilmegi tutuş ýurt boýunça internet arkaly töleg sistemasyna täsir ýetirdi. Käbir banklar öz işlerini wagtlaýyn togtatdylar.

XS
SM
MD
LG