Sepleriň elýeterliligi

Belgiýa futbol oýnuny ýatyrdy


Belgiýa Ispaniýa bilen futbol oýnunyň başlanmagyna 24 sagat galanda ýatyrdy. Munuň öňüsyrasynda hökümet Pariždäki hüjümleriň derňewlerini geçirmek bilen bilelikde howpsuzlyk bilen bagly duýduryş berdi.

Belgiýanyň futbol federasiýasy 16-njy noýabrda gelnen bu kararyň hökümetiň rekomendasiýasy bilen baglydygyny aýtdy.

Fransiýanyň resmileri geçen hepdede Parižde 130 adamyň ölümine sebäp bolan terrorçy hüjümiň guramasynyň 27 ýaşly belgiýaly bolandygyny aýtdylar.

Belgiýanyň içeri işler ministri 16-njy noýabrda ýurtda howpsuzlyk bilen bagly ýörite duýduryş yglan etdi.

Şol bir wagtda-da Fransiýa 17-nji noýabrda Londonda Angliýanyň komandasy bilen ýaryş geçirer.

XS
SM
MD
LG