Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Iki adam öldi, bäş sanysy tussag edildi


Fransiýanyň polisiýa ofiseri. 18-nji noýabr, 2015 ý.

Fransiýanyň polisiýa ofiseri. 18-nji noýabr, 2015 ý.

Fransiýanyň terrorçylyga garşy göreşýän polisiýasy geçen hepde Parižde bolan terrorçylykly hüjümler bilen ilteşikli şäheriň demirgazyk çetindäki köpgatly jaýlara reýdleri geçirýär.

18-nji noýabrda Saint Denis etrapçasynda başlan operasiýalaryň dowamynda partlamalaryň we ok atyşyklaryň sesi eşidildi.

Polisiýadaky çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, bu reýdler geçen hepdedäki hüjümleriň ruhlandyryjysy diýlip aýdylýan Abdelhamid Abaaoudy tussag etmäge gönükdirilendir.

Parižiň prokuratura edarasynyň berýän maglumatynda iki şübheliniň öldürilendigi, şol sanda bir zenanyň özüni partladandygy we başga-da bäş adamyň tussag edilendigi mälim edilýär.

Şeýle-de, reýdleriň dowamynda üç polisiýa ofiseriniň hem ýaralanandygyny aýdylýar.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri 13-nji noýabrda Parižde bolan hüjümleri özleriniň amala aşyrandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG