Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan Amerika göçjek köpelýär


Türkmen we amerikan baýdaklary
Türkmen we amerikan baýdaklary

Türkmenistandan Alternatiw habarlary çap edýän Habartm.org websaýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistandan göçüp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýaşaýyş durumyny almak isleýänleriň sanynyň 2007-nji ýyldan bäri artyp, 2011-nji ýyldan soň iki esseden gowrak köpelendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtynda ýyllar boýunça «Green card» lotereýasy diýip bilinýän diwersifikasiýa utuşlarynyň jemleri çap edildi.

Halk içinde «ýaşyl kart» lotereýasy diýip bilinýän mümkinçilikden türkmenistanlylar biraz öňden peýdalanyp başlan hem bolsalar, Döwlet deparatmentiniň saýtynda çap edilen maglumatlar 2007-nji ýyldan başlanýar.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Ştatlaryň hökümeti bu loteraýa arkaly adatça migrasiýa derejesi pes bolan ýurtlaryň raýatlaryna amerikan ýaşaýyş durumyny almak mümkinçiligini döredýär.

Berilýän maglumatlardan görnüşine görä, Türkmenistanda bu programma gyzyklanma bildirýänler, ondan peýdalanmak isleýänler 2011-nji ýyldan bäri has köpelipdir.

Aýdaly, 2015-nji ýylyň güýzünde Türkmenistandan «ýaşyl kart» lotereýasynyň anketasyny dolduryp iberen türkmenistanlylaryň sany ozalky ýyllardakydan has köp derejä - 11966-a baryp ýetipdir.

Eger Türkmenistandan göçüp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýaşaýyş durumuny almak islän raýatlaryň 2007 – 2013-nji ýyllar boýunça görkezijisine seretsek, şeýle maglumat alýarys:

ABŞ-da oturym üçin ýüzlenenleriň 2013-2015-nji ýyllardaky görkezijisi
ABŞ-da oturym üçin ýüzlenenleriň 2013-2015-nji ýyllardaky görkezijisi

2007-nji ýylda «grin kart» anketasyny dolduranlaryň, ýagny ABŞ-nyň hökümetine arza bilen ýüz tutanlaryň sany 5290 bolan bolsa, 2008-nji ýylda bu san 6567-ä ýetipdir.

Emma 2009-njy we 2010-njy ýyllarda ABŞ-dan oturym almak isleýän türkmenistanlylaryň sany biraz azalypdyr, ýagny degişlilikde 5749, 5711 raýat bolupdyr. Ýöne 2011-nji ýylda Türkmenistandan Amerika göçmek isleýänleriň sany ýene köpelipdir, ýagny 6738 raýat bolupdyr.

Bu köpeliş tendensiýasy şondan soňky ýyllarda hem saklanyp galýar. Ýagny 2012-nji ýylda Amerikadan ýaşaýyş durumyny almak üçin anketa dolduran türkmenistanly 9212 bolan bolsa, 2013-nji ýylda – 9886, 2014-de – 11632 raýat bolupdyr.

Eger deňeşdirmek üçin alynsa, ilat sany boýunça Türkmenistana golaý, ýöne internet mümkinçiligi has giň bolan Täjigistandan 2015-nji ýylda ABŞ-nyň ýaşaýyş durumyny almak islän adamlaryň sany 34672 raýat bolupdyr.
Bu görkeziji öňki sowet ýurtlary bolan Ukrainada 1,274,758 bolsa,

Türkmenistanyň duldegşir goňşusy Özbegistanda 1,387,420 raýatdan ybarat bolup durýar.

Azatlyk radiosynyň bu tema boýunça sosial ulgamlarda açan forumyna goşulanlaryň biri Erkin Areşow şeýle diýipdir: «Neme etsinler, halky her tarapdan gyssalar, bir ýerde bir zat etmeli bolýar. Biraz rahatlansyn halk, bu boluşda hemme parahorlar galjak, halk gitdikden soňra parahor parahordan para alar.»

Türkmenistanda wagtal-wagtal başga ýurtlardan gelip, oturym ýa raýatlyk alan adamlaryň sany aýdylýar, emma daşary ýurtlara işlemäge, hemişelik ýaşamaga gidýän raýatlaryň sany, olaryň näme sebäpden beýle netijä gelýändigi barada açyk maglumat berilmeýär.

(Makala Habartm.org websaýtynyň çap eden maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.)

XS
SM
MD
LG