Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýa: Hüjümde 32 adam öldi


“Boko Haram” toparynyň agzalary.

“Boko Haram” toparynyň agzalary.

Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda janyndan geçen hüjümçi ýük ulaglarynyň duralgasynda özüni partlatdy. 32 adamyň ölümine we başga-da 80 sanysynyň ýaralanmagyna sebäp bolan bu hüjümi amala aşyrmakda “Boko Haram” toparynyň ekstremistleri aýyplanýar.

17-nji noýabrdaky partlama, soňky üç hepdä golaý wagtyň dowamynda amala aşyrylan ilkinji hüjümdir. 23-nji oktýabrda Nigeriýada iki metjide aýry-aýrylykda amala aşyrylan hüjümlerde 42 adam ölüp, başga-da 100-den gowragy ýaralanypdy.

Nigeriýanyň Adamawa ştat polisiýasynyň metbugat wekili Otman Abubakar wakada pida bolanlaryň aglabasynyň şol ýerde söwda edýän satyjylar we ýoldan geçip barýan raýatlardygyny aýtdy.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyndan Saad Bello ýaralananlaryň keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG