Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe, ABŞ Siriýa serhedinde operasiýalary geçirer


Türkiýe we Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň türk-siriýa serhedindäki territoriýalaryny arassalamak üçin operasiýalary güýçlendirjekdigini aýdýarlar.

“[Yslam döwletiniň] biziň serhetlerimizdäki barlygyny soňlandyrmak üçin takyk planlarymyz bar” diýip, 17-nji noýabrda Türkiýäniň daşary işler ministri Feridun Sinirlioglu döwlet eýeçiligindäki “Anadolu agentligine” beren maglumatynda belledi.

“Bu planlar tamamlansa, biziň operasiýalarymyz güýçlener. Siz muny öňümizdäki günlerde görersiňiz” diýip, Sinirlioglu aýtdy.

“Yslam döwleti” atly topar Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň käbir böleklerine kontrollyk edýär. Bu hem toparyň serhetden söweşijileri, ýaraglary we ok-däri serişdelerini gizlin geçirmegine mümkinçilik döredýär.

XS
SM
MD
LG