Sepleriň elýeterliligi

Kosowada granat partladyldy


Kosowanyň Serbiýa bilen gatnaşyklary sebäpli Priştinada syýasy krizis güýçlenen mahaly, Kosowanyň konstitusion sudunyň daşynda granat partladyldy.

Resmiler granadyň 18-nji noýabrda Kosowanyň paýtagty Priştinadaky konstitusion suduň edara jaýynyň arka howlusyna oklanandygyny habar berýärler.

Maglumata görä, bu wakada adam ýitgisi bolmandyr.

Bu waka ýurduň parlamentinde oppozision kanunçykaryjylar göz ýaşardyjy gazy ulanandan we parlament binasynyň öňünde protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklardan bir gün soň boldy.

Oppozision kanunçykaryjylar Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmeginde Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada planlaşdyrylýan ylalaşygyň baglaşylmagynyň öňüni alamaga synanyşyp, eýýäm ençeme hepde bäri parlament sessiýalarynyň arasyny bölüp gelýärler.

Serbiýa Kosowanyň günorta welaýaty bolup, ol 2008-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG