Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz reýdinde 7 adam tutuldy


Merhemetli Denisdäki polisiýa operasiýasy.
Merhemetli Denisdäki polisiýa operasiýasy.

Parižiň golaýyndaky şäherden berlen maglumata görä, polisiýanyň bir kwartira geçiren reýdi mahalynda 13-nji noýabr terror hüjümleri bilen ilteşiklilikde güman edilýänleriň azyndan ikisi öldürildi, ýedi sanysy bolsa tussag edildi.

Polisiýa çeşmeleri Parižiň demirgazygyndaky Merhemetli Denis şäherinde geçirilen reýdiň esasan Abdelhamid Abaaoudy, Parižde we onuň töwereginde guralan utgaşykly hüjümleriň ruhlandyryjysyny nyşana alandygyny aýtdylar.

Biraz öň berlen maglumatlarda Abaaoudyň Belgiýa ýa-da Siriýa gaçan bolmagynyň ahmaldygy baradaky çaklamalar orta atylypdy.

Onuň 18-nji noýabrda merhemetli Denis şäherinde geçirilen reýd netijesinde tutulanlaryň ýa ölenleriň arasynda bolup-bolmandygy aýyl-saýyl edilmedi.

18-nji noýabrda, daň atmazyndan öň başlanan operasiýa mahalynda partlama, tüpeň sesleri eşidildi.

Häkimiýetler güman edilýänleriň biriniň atylyp öldürilendigini, ýene biriniň, aýal adamyň bolsa reýd başlananda, janyndan geçeniň guşagyny ulanyp, özüni partladandygyny aýtdylar.

Reýd mahalynda polisiýa ofiserleriniň bäşisi ýaralandy, polisiýanyň iti bolsa, güman edilýänler tarapyndan atylyp öldürildi.

Fransuz prokurorlary gapma-garşylykdan soň ýedi adamyň tussag edilendigini aýtdylar. Olaryň azyndan üçüsi – erkek adamlar – kwartirada tutuldy, ýene bir erkek we bir aýal bolsa, reýd geçirilen ýeriň golaýynda ele salyndy.

Tutulan adamlaryň kimlerdigi bada-bat yglan edilmedi. Aýdylmagyna görä, häkimiýetler ölenleriň we tutulanlaryň şahsyýetlerini anyklamak üçin DNA barlaglaryny geçirýärler.

AFP-niň maglumatyna görä, bu reýd güman edilýänleriň dowamly we agyr atyşygyndan, tapgyrlaýyn partlamalardan soň, fransuz esgerleriniň gatnaşmagynda tamamlanypdyr.

Reýd geçirilen etrabyň ýaşaýjylary özleriniň ir sagat 4:20 töwereginde tüpeň seslerine oýanandyklaryny we bu kwartiranyň garşysyndaky jaýyň ýokarsynda howpsuzlyk güýçlerini görendiklerini aýtdylar.

Olar atylýan oklar äpişgeleriň aýnalaryny döwüp başlanyndan üç sagat çemesi soň partlamalaryň sesiniň eşidilendigini aýtdylar.

AP-niň habarçysy partlama sesleriniň ýarylan granat seslerine çalym edendigini habar berdi.

Fransuz resmileri günortandan biraz öň ýedi sagatdan gowrak dowam eden operasiýanyň tamam bolandygyny habar berdiler.

Emma Merhemetli Denis şäheriniň dükanlary we mekdepleri ýapyklygyna galdy, şäher häkimi ilata içerde bolmagy maslahat berdi.

Şäheriň ýollary we jemgyýetçilik ulaglary hem bir günlük ýapylmaly we işlemesiz edildi.

«Yslam döwleti» jeňçi topary Parižde 13-nji noýabrda amala aşyrylan terror hüjümleriniň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy. Bu hadysada azyndan 129 adam öldürilip, 350-den gowrak adam ýaraly boldy.

Häkimiýetler 18-nji noýabrdaky reýd başlanmazyndan öň 13-nji noýabr hüjümleri bilen azyndan sekiz adamyň, şol sanda partlaýjy guşaklaryny ýaryp, özüni öldüren alty adamyň we polisiýa bilen atyşykda ölen bir adamyň göni baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Resmiler indi gözegçilik wideosynyň mümkin bolan dokuzynjy hüjümçini hem ýüze çykarandygyny aýdýarlar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG