Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollar gytçylygy: Söwda-da tagam galmady


Dollar gytçylygy: Söwda-da tagam galmady.
Dollar gytçylygy: Söwda-da tagam galmady.

Şu günler Türkmenabadyň maşyn bazarlary gyş paslyndaky tokaýlygy ýatladýar. Bir döwürler gyzgalaňly söwda merkezi bolan bazarda bu günki gün alyjy ýok, satyjylar bolsa bu işe ýatyran maýasynyň öwezini nähili doljagynyň aladasynda.

Bazarda ýagdaý mydama beýle däldi, onda-da Dubaýdan getirlip arzan bahadan satylýan öň ulanylan maşynlaryň söwdasy alyjylar üçin amatly, satyjylar üçinem bähbitlidi. Edil şu söwdadan soňky ýyllar müňlerçe dollar gazanan ildeşlerimiz bar.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir söwdagärleriň aýtmaklaryna görä, bu söwda şu ýyl yzly-yzyna kabul edilen kararlar, manadyň dollara bolan hümmetiniň pese gaçmagy, galyberse-de, häzirki dörän dollar gytçylygy zerarly söwda-da tagam galmady.

Türkmenistandaky awtoulag satylýan bazarlaryň biri.
Türkmenistandaky awtoulag satylýan bazarlaryň biri.

Bazaryň satyjylaryndan özüni Babageldi diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky telekeçi bu barada şeýle diýýär: “Men eýýäm näçe wagtdan bäri öz maşynymy satjak bolýaryn, ýöne gelip nagt pul berýän ýok. Adamlaryň aglabasy maşyny nesýe bermegi soraýarlar, ýa bolmasa deregine pes maşyn hödürläp, üstüniň puluny nesýe geçirmegi teklip edýärler. Ýöne maňa pul gerek, şonuň üçin nagt bolsa, arzanragam satjak”.

Maşynlaryň bahasy arzanlady

Häzirki wagtda maşyn bazarynda, nagt puly bolan, maşynlary gaty amatly bahadan alyp bilýär. Meselem, geçen ýyl bazar bahasy 10 müň dollar bolan käbir maşynlaryň häzirki nyrhy nagt hasaplaşanyňda, 8 müň dollara çenli peselipdir.

Söwdanyň peselendigine, bazara gelýän alyjylaryň sanyndan hem göz ýetirmek bolýar. Özüni Guwanç diýip tanadan 45 ýaşlaryndaky beýleki bir söwdagär Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Bu ýere maşyn görmäne gelýänleriň sany hem indi öňküsi ýaly däl. Häzirki wagtda bu ýerde alyjydan satyjy kän. Alyjy bolmansoň, maşyn getireniň peýdasy ýok. Öň şu ýerde maşynlar uzyn-uzyn düzülýärdi, häzir bolsa maşyn setiri gysgajyk”.

Söwdagärleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaýyň bir sebäbi 2010-nji ýyldan öň öndürilen maşynlary ýurda getirmegiň gadagan edilmegi bilen bagly bolsa, beýleki sebäbi dollar gytçylygy bilen bagly.

Dollar gytçylygy

Türkmenistanda soňky birnäçe aýdan bäri adam başyna aýda diňe 1000 dollar satyn alyp bolýar. Bu pula maşynyň bir bölegem satylmaýar we daşardan maşyn getirýänler bolsa söwdany dollarda etmeli bolýarlar. Onsoň bu söwda öz-özünden ýatyp galýar.

Häzirki ýagdaýdan çen tutulsa, bazaryň hasam sowamagy ahmal diýen düşünje bar, sebäbi aýda her adamynyň 1000 dollar satyn almaga haky bar diýen düzgün hem käbir ýerlerde kadaly işlemeýär. Meselem, Aşgabadyň käbir alyş-çalyş merkezlerinde dollar asla satylmaýar.

Bu ýagdaý bolsa Guwanç ýaly söwdagärleriň öz-özünden bu söwdadan el çekmäge mejbur boljakdygyny aňladýar. Guwanç Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde ýene bir ýagdaýa ünsi çekip, şeýle diýdi: “Maşyn söwdasy bilen meşgullanmak üçin pul gerek, has takygy, dollar gerek- Häzirki wagtda meniň az-kem ýygnan pulum bar, ol bankda dur, emma men onam islän wagtym alyp bilemok, sebäbi telekeçem bolsaň, aýda 10,000 dollardan artykmaç bankdaky öz hasabyňdanam pul çykaryp bolanok”.

Çäklendirmeler barha artyp barýar, söwdagärler ertiriň näme getirjeginden alada edýärler. Bu ýagdaý bolsa şol söwda bilen meşgullanýanlar bilen bir hatarda gazanç çeşmesi maşyn bazaryna bagly ähli adamlaryň ukusyny gaçyrýar.

XS
SM
MD
LG