Sepleriň elýeterliligi

Orsýet “WADA” bilen hyzmatdaşlyga taýýar


Orsýetiň sport ministri ýurduň atletika boýunça doping problemalaryny çözmek üçin ministrligiň Bütindünýä anti-doping agentligi WADA bilen “ýol kartasyny” çyzmaga taýýar diýdi.

“Biz WADA bilen okgunly, netijeli we ak ýürek bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar” diýip, 19-njy noýabrda Orsýetiň habar gulluklary ýurduň sport ministri Witaliý Mutko salgylanyp beren maglumatlarynda belleýärler.

18-nji noýabrda WADA Orsýetiň anti-doping agentliginiň işini düzgünleri berjaý etmezlikde wagtlaýyn togtatdy. Bu karar garaşsyz komissiýa Orsýetde doping jenaýatlarynyň amala aşyrylandygyny we düzgünleriň sistemalaýyn bozulandygyny aýan edenden iki hepdä golaý soň mälim edildi.

“Biz bu karara garaşýardyk. Biz anti-doping sistemamyzy gaýtadan dikeltmäge taýýar” diýip, Mutko belledi.

XS
SM
MD
LG