Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Hüjümde bir esger öldi


Kandahar welaýatynda hüjümiň bolan ýeri. 19-njy noýabr, 2015 ý.

Kandahar welaýatynda hüjümiň bolan ýeri. 19-njy noýabr, 2015 ý.

“Talyban” hereketi Owganystanyň günortasyndaky Kandahar welaýatyndaky polisiýa edarasyna hüjüm etdi. Bu hüjümiň netijesinde bir esger öldi we başga-da alty adam ýaralandy.

Kandahar welaýat häkimliginiň metbugat wekili Samim Hpolwak Azatlyk Radiosynyň owgan gullugyna beren maglumatynda hüjümiň 19-njy noýabrda Argandab etrabynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Bu wakanyň dowamynda bäş hüjümçi öldürildi.

Şeýle-de, wakada başga-da üç polisiýa ofiseri we parahat ilatdan üç ýaşaýjy ýaralandy.

Kandahar polisiýasynyň metbugat wekili Zia Durrani hüjümçileriň biriniň partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ulagy ýarandygyny we beýleki dört jeňçiniň binanyň içine girmäge synanyşandygyny aýdýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG