Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa ‘himiki’ hüjüm ähtimallygyny duýdurýar


Fransuz premýer-ministri Manuel Walls. 19-njy noýabr, 2015 ý.
Fransuz premýer-ministri Manuel Walls. 19-njy noýabr, 2015 ý.

Fransuz premýer-ministri Manuel Walls Fransiýa “himiki ýa-da biologik ýaraglar bilen” hüjüm edilmek ähtimallygyny duýdurdy.

“Biz hiç zady gözden sypdyrmaly däl” diýip, 19-njy noýabrda Walls ýurtdaky adatdan daşary ýagdaýy üç aýa çenli uzaltmak barada geçiriljek ses berişligiň öňýanynda aýtdy.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan amala aşyrylandygy öňe sürülýän 13-nji noýabrdaky Pariž hüjümlerinde 129 adam öldi we başga-da 350-den gowragy ýaralandy.

18-nji noýabrda Parižiň demirgazygynda geçirilen reýdlerde gürrüňi edilýän hüjümiň ruhlandyryjysy diýlip güman edilýän adamyň öldürilip-öldürilmändigi dogrusynda henize çenli takyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG