Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymda metjit talandy


Ukrainanyň geçen ýyl Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasyndaky metjit nämälim şahslar tarapyndan talandy.

Krym musulmanlarynyň dini işleri boýunça edarasynyň 19-njy noýabrda beren maglumatyna görä, şu hepdäniň başynda jenaýatçylar Sudak şäherçesiniň golaýyndaky Ýangy Maale metjidine girip, ol ýerdäki haýyr-sahawat gutusyny ogurlapdyrlar.

Gürrüňi edilýän edaranyň berýän maglumatyna görä, 2015-nji ýylyň başyndan bäri Krymdaky metjitler sekizinji gezek talanypdyr.

14-nji noýabrda nämälim hüjümçiler Zawet-Leninsky obasyndaky metjidiň penjiresine onlarça kerpiçi oklap döwüpdirler. Sentýabr aýynda bolsa, Krymyň paýtagty Simferopolda gurulýan Uly metjidiň suratlary ýok edilipdir.

XS
SM
MD
LG