Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bosniýaly ýaragly özüni öldürdi


Saraýewo şäheriniň eteginde ýaragly adam iki esgeri öldürip, başga-da bäş adamy ýaralandan soň, özüni öldürdi.

Howpsuzlyk ministri Dragan Mektiç 19-njy noýabrda Bosniýanyň metbugat serişdelerine beren maglumatynda ýaragly adam ýurduň Raýlowaç sebitinde iki esgeri öldürip, polisiýa tarapyndan gabawa alynandan birnäçe sagat soň özüni atyp öldürdi diýdi.

Polisiýanyň metbugat wekili Irfan Nefiç hüjümçiniň jemgyýetçilik awtobusuna awtomatik tüpeň bilen ot açandygyny we munuň netijesinde awtobus sürüjisini we iki ýolagçyny ýaralandygyny aýtdy.

Saraýewonyň metbugat serişdesi hüjümçini “Salafi” hereketiniň tarapdary diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG