Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Premýer töwekgelligi duýdurýar


Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls
Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls Parižde kanun çykaryjylara ýurduň has köp terror hüjümleri, şol sanda himiki we biologiki ýaraglaryň ulanylmak ähtimallygyndaky hüjümler bilen ýüzbe-ýüz bolmak töwekgelligini duýdurdy.

Walls bu sözleri 19-njy noýabrda parlamentiň aşaky öýünde Fransiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar düzgünini üç aýa uzaltmak baradaky teklip sese goýulmazyndan öň aýtdy.

Wagtlaýyn adatdan daşary ýagdaýlar düzgüni Parižde we onuň töwereginde 13-nji noýabrda amala aşyrlan hem 129 adamy öldüren ganly terror hüjümleri mahalynda girizildi.

"Biz hiç bir ýagdaýy gözden salmaly däl, bu ýerde himiki we biologiki ýaraglar töwekgelligi hem bar» diýip, Walls 19-njy noýabrda kanun çykaryjylara aýtdy.
Emma muňa garamazdan, premýer-ministr bu hili ýaraglardan abanýan howp barada anyk bir zat aýtmady.

Şu aralykda Fransiýada we beýleki ýewropa ýurtlarynda «Yslam döwleti» toparynyň Ýewropadaky guramasyny yzlap tapmaga gönükdirilen howpsuzlyk operasiýalary dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, YD-nyň Ýewropadaky guramasy 13-nji noýabrda Pariždäki konsert zalynda, milli stadionda we kafelerde amala aşyrylan terror hüjümleriniň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

Belgiýanyň polisiýasy 19-njy noýabrda Brýussel töwereklerinde geçen hepde Pariž stadionynda özüni partladan üç kast edijiniň biri bilen ilteşikli alty reýd geçirdi.

Belgiýanyň prokurory bu reýdleriň YD-nyň janyndan geçen bombaçysy Bilal Hadfi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. 20 ýaşyndaky Bilal Hadfi morokkaly fransuz raýaty bolup, Belgiýada ýaşaýar we 2015-nji ýylyň başlarynda biraz Siriýada bolup gelipdir.

Pariž hüjümleriniň ruhlandyryjysy diýip güman edilýän, belgiýaly 27-ýaşly Abdelhamid Abaaoudyň 18-nji noýabrda Parižiň demirgazygynda geçirilen reýd mahalynda öldürilendigi ýa däldigi birbada aýdyň bolmady. Emma soňky habarlarda onuň reýd mahalynda öldürilendigi aýdylýar. Bu reýd güman edilýänleriň sekizisiniň tutulmagy, ikisiniň ölmegi bilen tamamlanypdy.

Parižiň prokurory Fransua Molins güman edilýänleriň jesetleriniň heniz derňew astyndadygyny aýtdy.

Polisiýa gözegçilik we diňlenýän telefon gepleşikleri esasynda Abaaoudyň Merhemetli Denis şäheriniň ýaşaýyş etrabyndadygyny ýaňzydýan maglumat alyp, 18-nji noýabrda reýd geçirdi.

Belgiýa Pariž hüjümleri bilen baglylykda geçirilýän derňewleriň merkezine öwrüldi.

Premýer-ministr Çarlz Mişel (Charles Michel) 19-njy noýabrda parlamentde eden çykyşynda howpsuzlyk, yslam ekstremizmine garşy söweş üçin goşmaça 400 million ýewronyň ($427 million) harçlanjagyny wada berdi.

Mişel ekstremistlere garşy göreş üçin Belgiýanyň konstitusiýasyna düzediş girizmäge, şol sanda güman edilýän terrorçylar üçin deslapky tussaglyk wagtyny üç esse köpeltmäge çagyrdy.

Şeýle-de Belgiýanyň awiakompaniýalaryň ýolagçylar baradaky maglumat alyşmak sistemasy babatda bir özüniň çäre görjegini aýtdy. Ýewropa Bileleşigi bu mesele barada indi dört ýyl bäri ylalaşyga gelip bilmän gelýär.

"Eger biz jogapkärçiligi boýnumyza almasak, biziň öňümizde tutuş Ýewropa Bileleşigi proýektiniň ýykylmak töwekgelligi dur» diýip, ol aýtdy. "ähli demokratik güýçler biziň howpsuzlygymyzy berkitme üçin bilelikde işlemelidir» diýip, Belgiýanyň premýer Mişel sözüniň üstüni ýetirdi.

Fransiýanyň premýer-ministri Walls hem 19-njy noýabrda Ýewropa boýunça howa ýollaryndaky ýolagçy maglumatyny paýlaşmak babatda gyssagly çäre görülmegine çagyrdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG