Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erteki aýdyp berýän, ähli işde kömekçi robot


Alpha 2 robot
Alpha 2 robot

Adamlar hemişe ähli işde peýdaly, adama meňzeýän we adamlar bilen gürrüňleşip bilýän roboty oýlap tapmagyň gözleginde bolupdyrlar.

Indi adamlaryň şeýle islegi hakykata öwrülýän ýaly. ”Indiegogo” internet sahypasynda tanadylan "Alpha 2" kysymly, häzirlikçe taslama görnüşindäki, robot adama meňzedilip ýasalypdyr.

"Alpha 2" kysymly maşgala roboty mundan owal ýasalan "Jibo", "Buddy" kysymly beýleki robotlardan tapawutlylykda adamynyňky ýaly aýagy bolany üçin arkaýyn ýöräp bilýär.

Robot öý işleriniň köpüsi bilen meşgullanyp biler. "Alpha 2" kysymly robot gaýtadan işlenip taýýarlanan täze maglumat merkezi bilen maşgala agzalaryna edil mugallym ýaly hyzmat eder. Robot maşgalanyň her bir agzasyny tanar we özüni şoňa görä alyp barar. Maşgala agzalaryndan yzygiderli derman içýänlere derman wagtynyň gelendigini habar berer. Robot şonuň ýaly-da aşhanada nahar bişirmäge kömek eder, dilmaçlyk hyzmaty bilen bilelik-de ýoga maşklaryny öwredip, çagalara erteki hem aýdyp berer. Umuman, bu täze robot öý-hojalykçy zenanlara esasy kömekçi bolar.

Robot şahsy kömekçä hem öwrülip bilýär. Bir gezek arabaglanşyk gurlandan soň "Alpha 2" kysymly robot telefonda gepleşmegi, ses ýazgylaryny diňlemegi, elektron postlary, ýagny hatlary barlamagy, kabelsiz ulgamyň hem wi-fi arabaglanşygynyň üsti bilen faks ýaly enjamlary hem ulanmagy özbaşdak başarýar.

Robot dynç alyş babatda hem kömek edip bilýär. Robot fotosurat alyp, aýdym aýdyp hem bilelik-de tans edip bilýär. "Alpha 2" kysymly robot, kämilleşdirilen aýratynlyklara eýe bolandygy üçin, adamyň hereketlerini, ýagny özüni alyp barşyny hem yzarlap, gaýtalap bilýär.

Robotyň ulanylyşy hem gaty aňsat. Wi-fi arabaglanşygy gurlandan soň sesi ýa-da ýüzi tanap bilýär. "VAPP" atly mobil programmasyny Android we IOS enjamlaryna gurup, roboty şonuň üsti bilen ulanmaga hem mümkinçilik bar. "Alpha Store" atly elektroniki dükandan bolsa robotyň köpsanly goşmaça ýa-da gaýtadan işlenip düzülen programmalaryny tapyp, alyp gurnasa bolýar.

Firma 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda roboty köpçülikleýin öndürmäge başlar. Fewral aýynda bolsa önümler isleg bildirenlere hem satyn alanlara ýetiriler. Robot adaptoryň üsti bilen tokdan peýdalanar. Robotyň 16GB elektroniki emeli ýady, ýagny şol göwrümdäki ýatly diski bolar. Bu robotyň boýy 43 sm, ini 22 sm, agramy 2,5 kilograma deň.

"Alpha 2" kysymly täze robot ilkibaşda iňlis we koreý dillerinde hyzmat eder. Soňy bilen robotyň başga dillerde hem hyzmat etmegi göz öňünde tutulýar.

Bu robota gysga wagtyň içinde, başdan göz öňünde tutulan 100 müň dollarlyk sargytdan, has köp, ýagny 419 müň dollarlyk sargytlyk isleg bildirilipdir. Roboty satyn almak üçin ilkibaşda diňe 499 dollar pul tölemelidi. Häzir bolsa indi owalky görnüşleri galmansoň, diňe iň arzany 599 dollardan bolan görnüşini satyn alyp bolýar.

XS
SM
MD
LG