Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täzeligiň gözbaşynda


Ýazyjynyň hat ýazýan pursadyny görkezýän surat.
Ýazyjynyň hat ýazýan pursadyny görkezýän surat.

XX asyryň başky ýarymynda türkmen durmuşynda görülmedik täzelikler hem örän düýpli öwrülişikler amala aşyryldy.

Döwletiň talaby

Ilkinji düýpli edilen iş täze türkmen döwletiniň döredilmegi boldy. Şoňa laýyklykda, her bir döwlete möhüm bolan ençeme pudaklar emele gelip başlady. Eger şol täzelikler amala aşmasa, döwlet berkarar bolmajakdy. Ol diňe kagyz ýüzünde galýan, döwlet hökmünde ady agzalyp, aslynda hiç bir ukyby hem kuwwaty bolmadyk, gury sana öwrüljekdi.

Öňde baryjy, watançy ynsanlar şol möhüm wezipäni çözmäge gujur-gaýrat bilen girişipdirler. Diňe saz älemindäki täzeliklere ýüzlensek, bu ugurda bar işi tarpdan başlanýar.

Aşgabatda Bagşylar öýi döredilýär.

Bamyly Sary bagşy ilkinjileriň hatarynda, täze döredilen türkmen radiosyna bagşy hökmünde işe gelipdir. Şol döwürler Ahalda gyjak beýle bir meşhur däl ekeni. Sary bagşy öz ogullary Pürliniň, Nurynyň hem Orazyň gyjakçy bolmagyny isläpdir. Sary bagşynyň agtygy Annageldi Jülge hem gyjakçy bolupdyr.

Özgerip barýan durmuşy beýan etmäge diňe dutar bilen gyjagyň güýjüniň ýetmejegi belli bolansoň, saz gurallarynyň görnüşlerini artdyrmaga girişipdirler. Dünýä saz medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirip başlapdyrlar. Olary türkmen saz sungatyna ornaşdyrmaga çalşypdyrlar.

Geň tarapy, şeýle beýik hyzmaty amala aşyrmak üçin, doganlar, käte tutuş nesil bolup işe girişipdirler.

Şol nesillerden käbirini ýatlamak gerek.

Nesiller

Köşüli Aşyr Kulyýew fortepiano boýunça sapak alypdyr. Onuň dogany Gurban Kuly skripkadan kämil bolupdyr hem saz gurallary toparyna ýolbaşçylyk etmek ugrundan, ýokary bilim alypdyr.

Bagyrly Muhadowlar hem tutuş nesil bolup sungata geldiler. Olaryň ululary Anna Muhadow şahyr hem terjimeçidi. Ol rus edebiýatynyň iň görnükli wekilleri N. Gogolyň hem Anton Çehowyň eserlerini türkmen diline geçirýärdi. Weli bilen Nury Muhadow saz sungatyna hyzmat etdiler.

Kompozitor Çary Artykowyň inisi Bäşim Artykow ilkinji bolup, Moskwa konserwatoriýasyny tamamlap gelen belli opera aýdymçysy boldy.

Kompozitor Sapar Nuryýewi hem onuň kompozitor doganlary Durdy bilen Çaryny ýatlap bileris.

Döredijiler

Olar döwür üçin, düýpden täze eserleri döretdiler. Aşyr Kulyýew baryp 1935-nji ýylda döredijilik işine başlap, 1942-nji ýylda Boris Şehter bilen “Ýusup-Ahmet” operasyny ýazdy. 1943-nji ýylda Ýuliý Meýtus bilen bilelikde, Berdi Kerbabaýewiň “Aýlar” poemasy esasynda “Abadan”operasyny döretdi. Bu eser örän döwrebapdy hem öz döwrüniň taryhy wakasyny görkezýärdi.

Opera sungatynda, umuman, professional sungatda iň kämil eser bolan “Şasenem we Garyp” operasyny döredenler Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowy ýatlap bolar. Ýeri gelende aýtsak, diňe şol eser 1955-nji ýylda Moskwada Uly teatryň sahnasynda görkezildi. Dogrusyny aýtsaň, türkmen professional sungatyny Daňatar Öwezowsyz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Sebäbi ol professional sungat bilen milli saz sungatyň arasyndaky ajaýyp köpri boldy.

Olar gysga wagt içinde täze milli sungatyň düýbüni tutmagy başardylar. Şol edilen işler barada, XX asyryň görnükli kompozitory Dmitriý Şostakowiç “Sazda milli däpler” atly makalasynda şeýle ýazdy. “Rus we günbatar-ýewropa sazlarynyň tejribesini peýdalanyp, Orta Aziýa respublikalarynda, görlüp-eşidilmedik gysga taryhy pursat içinde, öz milli kompozitorçylyk mekdeplerini döretdiler”.

Ykrar ediliş

Türkmenistanyň professional saz sungaty 50-nji ýyllaryň başynda Bütinsoýuz derejesinde doly ykrar edildi. Kompozitor Weli Muhadowyň döreden “Türkmen suitasy” 1950-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. “Meniň Watanym” atly simfoniki poemasy üçin, 1951-nji ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna ikinji gezek mynasyp bolupdy.

Ol eserleri, şeýle hem Aşyr Kulyýewiň “Güneşli ülke” simfoniki poemasyny Moskwanyň saýlama saz toparlary çalýardy.

Şol döwrüň özi nähilidir galkynyş zamanasy bolupdyr. Olaryň eserlerini il-güne ýetirmekde taýsyz hyzmat görkezen dirižýor hem kompozitorlar Hydyr Allanurow, Gurban Kulyýew öňe çykdylar. Aýdymçy-tenorlar Ýolaman Hummaýewi, Hojaw Annadurdyýewi, Hojadurdy Annaýewi, soprano sesli aýdymçylar Annagül Annagulyýewany, Maýa Kulyýewany ýatlamak gerek.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alandan soňra, ýaňadandan şeýle galkynyşa garaşyldy. Munuň üçin Galkynyş halk hereketi-de döredildi. Ýöne beýle ýokary göteriliş döremedi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG