Sepleriň elýeterliligi

ÝB serhet gözegçiligine sereder


Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kazenew (Cazeneuve), Brussels, 20-nji noýabr, 2015

Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kazenew (Cazeneuve), Brussels, 20-nji noýabr, 2015

Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kazenew (Cazeneuve) “örän köp wagtyň ýitirilendigini” aýdyp, Ýewropany terrora garşy gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň içeri işler ministrleri bilen adatdan daşary gepleşik geçirmek üçin Brussele baran Kazenew bu çykyşyny geçen hepdede Parižde bolan terrorçylykly hüjümlerden soň 20-nji noýabrda.

Ol ÝB-ni wizasyz Şengen zonasynyň daşarky serhetlerinde syýahatçylary barlamak çäresini güýçlendirmäge, şeýle-de uçar ýolagçylary boýunça maglumatlary toplamak sistemasy boýunça işleşmäge çagyrdy.

19-njy noýabrda Fransiýanyň prokurorlary 129 adamyň ölümine getiren Pariždäki hüjümlere guramaçylyk etmekde güman edilýän belgiýaly adamyň bir gün öň polisiýanyň geçiren reýdinde öldürilenleriň arasynda bolandygyny yglan etdi.

Fransiýa “Yslam döwleti” toparynyň belgiýaly söweşijisi Abdelhamid Abaaoudyň Siriýadan Fransiýa anyklanman syýahat edendigini aýtdy.

Premýer-ministr Manuel Walls Pariždäki hüjümçileriň käbiriniň Ýewropadaky migrant krizisini ýaşyryn aşmak üçin ulanandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG