Sepleriň elýeterliligi

Mali: Myhmanhana zamun alyndy


Mali, Bamako

Mali, Bamako

Maliniň paýtagty Bamakoda ýaragly adamlar daşary ýurtlylaryň barýan myhmanhanasyna hüjüm etdiler.

20-nji noýabrda 190 otagly “Radisoon Blu” myhmanhanasynyň daşynda ok ýaragynyň sesi eşidildi.

Iki adamyň 140 myhmany we 30 işgäri “gulplandygy” habar berildi.

Käbirleri “Al Kaýda” bilen gatnaşykdaky yslamçy söweşijiler 2012-nji ýylda Demirgazyk Maliniň uly bölegini eýeläp, 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Fransiýanyň ýolbaşçylygynda başlanan harby operasiýanyň netijesinde çetleşdirilipdi.

Şondan bäri yslamçy toparlar ýurtda hüjümleri amala aşyrýarlar.

Awgust aýynda Maliniň merkezinde myhmanhanada 24 sagada golaý wagtlap dowam eden zamun alyşda dört esger, BMG-niň bäş işgäri we dört söweşiji öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG