Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Orsýetde media basyşy ýazgardy


ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili D. Miýatowiç (Dunja Mijatovic)
ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili D. Miýatowiç (Dunja Mijatovic)

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (Dunja Mijatovic) Orsýetiň häkimiýetleriniň hökümete degişli bolmadyk “Aç-açanlygy goramak boýunça fonduny” (Fond zaşity glasnosti) “daşary ýurt agenti” diýip kesgitlemek kararyna gynanç bildirdi.

20-nji noýabrda eden beýannamasynda Miýatowiç fonduň soňky 25 ýylyň dowamynda, “Orsýetde we GDA regionynda žurnalistleriň hukuklaryny goramak we goldamak boýunça dynuwsyz işländigini aýtdy.

Miýatowiç Orsýetiň fondy “daşary ýurt agenti” diýip hasaba almak boýunça 19-njy noýabrda yglan eden kararyny “hökümete degişli bolmadyk media guramalarynyň wajyp işiniň öňünde uly böwet we Orsýet Federasiýasynda köp pikirlilige howp” diýip atlandyrdy.

2012-nji ýylda kabul edilen kanun ýurduň daşyndan maliýeleşdirilýän we syýasy iş alyp barýan guramalaryň “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmagyny talap edýär.

XS
SM
MD
LG