Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet terrora garşy berk çäre hödürledi


Döwlet Dumasynyň we Federasiýa Geňeşiniň bilelikdäki maslahaty, Moskwa, 20-nji noýabr, 2015

Döwlet Dumasynyň we Federasiýa Geňeşiniň bilelikdäki maslahaty, Moskwa, 20-nji noýabr, 2015

Orsýetiň parlamentiniň aşaky we ýokarky öýleri Döwlet Dumasy we Federasiýa Geňeşi terrorizme garşy göreş bilen bagly meseleleri maslahat etmek üçin bilelikdäki mejlisini geçirdiler.

“Şu günki gün dünýä terrorizme garşy durmak ugrunda bileleşýär” diýip Federasiýa Geňeşiniň spikeri Walentina Matwiýenko 20-nji noýabrda geçirilen maslahatda belläp, “biziň ýurdumyz bu ýamanlyga garşy söweşiň öň hatarynda durýar” diýdi.

Matwiýenko kanun çykaryjylaryň howpsuzlyk we kanun çykaryjy edaralaryň “ygtyýarlygyny artdyrmagy”, terroristik hereketler we “ahlak, maliýe, informasion we beýleki goldawlar” üçin “jogapkärçiligi güýçlendirmegi” teklip edendiklerini mälim etdi.

Şeýle-de Matwiýenko “terrorçylary we olaryň ýaranlaryny” jezalandyrmak üçin halkara tribunalyny döretmegi teklip etdi.

XS
SM
MD
LG