Sepleriň elýeterliligi

BMG Eýrany tankyt etdi


BMG-niň Baş Assambleýasynyň adam hukuklary boýunça komiteti Eýrany başga pikirlilige basyş etmek we ölüm jezasyny ulanmagyny artdyrmagy bilen baglylykda tankyt etdi.

19-njy noýabrda komitetiň kabul eden Kanada tarapyndan taslanan maslahat beriji rezolýusiýasynda Yslam respublikasynda adam hukuklarynyň gödek depelenmegine aladalanma bildirilýär.

Dokument Tährandan “ kanunlarda we iş ýüzünde söz, pikir, bileleşmek we parahatçylykly üýşmek hukuklarynyň berk çäklendirmegini” bes etmek talap edilýär, şeýle-de Eýranda ölüm jezasynyň “aladaly derejede ýokary ýyglykda” geçirilýändigi bellenýär. Eýranda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jezalandyrylmagynyň halkara kanunlaryna ters gelýändigi aýdylýar.

76 ses tarapyndan goldanyp, 35 sesiň garşy çykmagynda kabul edilen rezolýusiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna berildi.

Eýranyň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Gholam Hossein Dehghani dokumentiň “faktlary syýasy taýdan galplaşdyrýandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG