Sepleriň elýeterliligi

Hytaý 28 'terrorçy' öldürildi diýýär


Sinjiaň metjidi

Sinjiaň metjidi

Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki mediasy polisiýanyň kömür känine edilen hüjümde güman edilýän 29 adamyň birinden başga ählisini, «terrorçy» hökmünde öldürendigini aýdýar.

Hytaýyň günbatar Sinjiaň regionynda, musulman we etniki türk uýgurlarynyň agdyklyk edýän sebitinde bolan hadysada azyndan bäş polisiýa ofiseriniň öldürilendigi habar berilýär.

Sinjiaňyň regional hökümetiniň Tianşan web portaly 20-nji noýabrda 18-nji sentýabrda Aksuwdaky Sogan şahtasynda edilen pyçak hüjüminde güman edilýänleriň öldürilendigini habar berdi. Şonda Sogan şahtasynda 11 graždan we 5 polisiýa ofiseri öldürilipdi.

Bu habarlar kömür käninde bolan ganly hüjümiň ilkinji gezek resmi tassyklanmasy boldy. Aslynda bu waka barada bolan gününiň ertesi Azat Aziýa radiosynda habar berlipdi.

"Sinjiaň 56 gün dowam eden söweşden soň daşary ýurt ekstremist toparynyň göni ýolbaşçylygyndaky terrorçy topary ýok etdi» diýip, hökümet eýeçiligindäki Sinjiaň gazeti ýazdy. «Ýesir düşen bir adamdan başga, 28 kellekeser doly ýok edildi» diýip, habarda aýdylýar.

Gazet uýgur atly bolup çykan iki adamyň şol aýdylýan daşary ýurt toparyna ýolbaşçylyk edýändigini öňe sürýär, emma olaryň atlaryny aýtmaýar.

Sinjiaňda ýaşaýan ýerli musulman uýgurlary bilen han hytaýlylaryň arasyndaky dartgynlylyk soňky ýyllarda zorlukly wakalara getirip, ýüzlerçe adamyň öldürilmegine sebäp boldy.

Hytaý resmileri bu gandöküşlikde yslamçy jeňçileri günäledi.

Bosgunlykdaky uýgur toparlary we adam hukuklaryny goraýjylar Hytaýyň Sinjiaňda alyp barýan repressiw syýasatynyň, şol sanda yslama we uýgur medeniýetine edilýän berk kontrollygyň gozgalaňa meçew berendigini aýdýarlar.
Sinjiaňda, esasan Merkezi Aziýanyň üç ýurdy bilen serhetleşýän etraplarda, uýgurlar bilen bilelikde, etniki gazak, gyrgyz we täjik azlyklary hem ýaşaýar.

Uýgurlar, Merkezi Aziýa ýurtlary yzyna, Hytaýa iberenden soň, adatça uzak türme möhletlerini alýar ýa-da jezalandyrylyp öldürilýär.

Gazagystan özünden oturym sorap gelen uýgura asylly birnäçe hytaý raýatyny yzyna, Hytaýa tabşyryp, ýerli hem halkara hukuk guramalarynyň tankydyna sezewar boldy.

Tianşan portalynyň habaryna görä, polisiýa kömür käniniň hüjümçilerini gözläp tapmak üçin, «dürli etniki toparlardan» 10 müň çemesi adamy mobilizledi.

Azat Aziýa radiosy hökümete we ýerli çeşmelere salgylanyp, şu hepdäniň başynda häkimiýetleriň güman edilýänleriň 17-sini, şol sanda ýedi sany aýal-oglan-uşagy öldürendigini habar berdi.

Hytaýyň dolandyryjy Kommunist partiýasy durnuksyz Sinjiaň regionyna barmagy örän çäklendirýär, onsoň ol ýerden çykýan maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak kyn bolýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG