Sepleriň elýeterliligi

‘Ýaşlar ýuka, resmiler galyň egin-eşikde bardy’


Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birine barýan türkmenistanlylar.

Türkmenistanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň birine barýan türkmenistanlylar.

19-njy noýabrda Aşgabadyň Ankara köçesiniň ugrunda bina edilen täze desgalaryň açylyş dabarasy boldy. “Täze binalar 12 gatly üç sany ýaşaýyş jaýyny, sport hem-de söwda merkezlerini we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin binany öz içine alýar” diýlip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

Şol güni howanyň ortaça temperaturasynyň 6-9 gradus aralygynda bolandygyna garamazdan, ençeme ýaşlaryň çärä ýuka köýnekli, ýagny penjeksiz gatnaşandygy habar berilýär. Şol bir wagtda bu dabara Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň we ýokary derejeli beýleki döwlet resmileriniň paltoly, penjekli barandygyny türkmen telewideniýesinde görkezilen şekillerde görse bolýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG