Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ykdysadyýetine näme bolýar?


Türkmenistan, nobatdaky geçirijiniň turbalary

Türkmenistan, nobatdaky geçirijiniň turbalary

Soňky döwürler Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygyny görkezýän maglumatlar gowuşýar. Olaryň arasynda käbir şirketleriň öz işgärleriniň aýlyklaryny wagtynda töläp bilmeýändigi, hatda gaz sektoryna degişli käbir edaralaryň hem işgärleriniň sanyny azaltýandygy ýaly maglumatlar bar.

Emma şol bir wagtyň özünde-de zerurlygy şübheli bolan uly göwrümli proýektleriň gurluşygy hem dowam etdirilýär. Meselem, dekabr aýynda bahasy 1.5 milliard dollara barabar bolan gündogar-günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanýar.

Bu proýekte badalga berlende, onuň Hazar ýakasynda guruljak beýleki bir geçiriji arkaly türkmen gazyny daşary ýurtlara akdyrjakdygy barada plan bardy. Emma şol geçiriji asla gurulmady, ýöne Türkmenistan öz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirdi.

Şeýle-de ýakynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektiniň Türkmenistana degişli böleginiň gurluşygy tamamlandy. Dekabr aýynda bolsa Transowgan gaz proýektiniň Türkmenistana degişli böleginiň gurluşygyna hem badalga berilýär.

Bu iki proýektiň hem häzirki döwürde Türkmenistanyň daşyndaky bölekleriniň gurulmak mümkinçiligi ýok we, Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýy nazara alnanda, şeýle mümkinçiligiň ýakyn wagtda döremegine hem garaşylmaýar.

Şeýle ýagdaýyda Türkmenistanyň alyp barýan ykdysady strategiýasyna nähili düşünmeli? Mejlisiň nobatdaky sanynda şu temanyň töwereginde gürrüň edilýär.

Programmanyň myhmanlary:

Türkmenistan barada ençeme ylmy işiň we kitaplaryň awtory we ady belli Çarlz Uniwersitetiniň Ýewraziýa bölüminiň barlagçysy Dr. Salwomir Horak;

Türkmenistanyň Bitaraplygy baradaky kitabyň awtory hemem Glassgow Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy Dr. Lucca Ancesci;

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän blogy "Qishloq Ovoziniň" redaktory Bruce Pannier.

Programmany Azatlyk radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG