Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pariž: hüjümde ölenler 130 boldy


Fransiýanyň premýer-ministri geçen hepde Parižde guralan terror hüjümlerinde agyr ýaralanan bir adamyň ölmegi bilen, pidalaryň sanynyň 130-a ýetendigini aýtdy.

Şu aralykda häkimiýetler Parižiň demirgazygyndaky kwartira geçirilen reýdden soň tapylan üçünji jesediň şahsyýetini anyklandyklaryny aýtdylar.

Geçen hepde guralan hüjümlerden bäri polisiýa 793 jaýda barlag geçirdi, 90 adamy sorag üçin saklady we 164 adamy tussag astyna aldy.

Şeýle-de bu barlaglarda 174 ýarag, şol sanda hüjüm tüpeňleri we beýleki ýaraglar tapyldy diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.

Parižde azyndan dokuz sany janyndan geçen bombaçynyň gatnaşmagynda guralan 13-nji noýabr hüjümlerinde 350-den gowrak adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG