Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe türkmen aladasyny edýär


Ahmet Dawutoglu
Ahmet Dawutoglu

Türkiýe Orsýetiň ilçisi Andreý Karlowy çagyryp, Orsýetiň uçarlarynyň demirgazyk Siriýada türkmen obalaryny «dyngysyz» bombalandygy üçin protest bildirendigini aýdýar.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu bu habary 20-nji noýabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Siriýada türkmen azlygynyň ýaşaýan obalarynyň bombalanmagy «çynlakaý netijelere getirip biler» diýilýär we Orsýetiň «öz operasiýasyny derhal bes etmegi» soralýar.

Şeýle-de Türkiýe prezident Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogardaky ýörite wekili Mihail Bogdanowa «duýduryş we talap» bildirdi.

XS
SM
MD
LG