Sepleriň elýeterliligi

Belarus: oppozisiýa jerime salyndy


Belarus sudy oppozision partiýanyň liderine we aktiwiste ygtyýar berilmedik protest gurnandyklary üçin jerime saldy.

Minsk sudy 20-nji noýabrda oppozisiýadaky Birleşen raýatlar partiýasynyň lideri Anatol Lýabedzka 29-njy oktýabrda KGB-niň jaýynyň öňünde protest gurandygy üçin 500 dollar jerime saldy.

Lýabedzka özüniň bigünädigini, ýygnanyşygyň maksadynyň Stalin gyrgynçylygynyň pidalaryny hatyralamak bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de sud oppozisiýa aktiwisti Wýaçeslaw Siçyga Belarusda rus harby bazasynyň döredilmek planlaryna garşy ygtyýar almazdan protest bildirendigi üçin 600 dollar jerime saldy.

XS
SM
MD
LG