Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ermenistanda protest bildirilýär


Ermenistanyň paýtagtynda iki müň çemesi protestçi hökümet tarapyndan teklip edilýän konstitusiýa reformalaryna garşylyk bildirdi.

Protestçiler hökümet ýolbaşçylarynyň bu düzedişler netijesinde, häkimiýeti prezidentden premýer-ministre geçirip, öz häkimiýetlerini we ýurduň üstünden edilýän gözegçiligi berkitmekçi bolýandyklaryny aýdýarlar.

Bu protest Ermenistanyň oppozisiýadaky Milli kongresi we Miras partiýalary tarapyndan gurnaldy.

Ermenistanyň parlamenti 5-nji oktýabrda parlament respublikasyny döretmek üçin konstitusiýany üýtgetmek boýunça referendum geçirmegi sese goýdy.

XS
SM
MD
LG