Ermenistanda rus serhetçileri bilen gulluk edýän ermeni serhetçisi asylgy tapyldy.
Demirgazyk Şirak regionynyň Gusanaguk obasynyň resmileri 20-nji noýabrda 31 ýaşyndaky Wolodýa Howannisýanyň öz obasyndaky öýünde asylgy tapylandygyny aýtdylar.
Mart aýynda rus serhetçileri bilen gulluk edýän başga bir ermeni serhetçisi, 26 ýaşyndaky Artur Afiýan hem Şiragyň paýtagty Gýumride, şertnamaçy esger bolup gulluk edýän harby bölüminde asylgy tapylypdy.
Gýumride Orsýetiň Ermenistandaky harby bazasy ýerleşýär.