Sepleriň elýeterliligi

Türme sakçysy asylgy tapyldy


Geçen aý 9 tussagyň gaçan türmesiniň ozalky gözegçisi asylgy ýagdaýda tapyldy.

Gyrgyzystanyň türme-düzediş edaralaryna gözegçilik edýän döwlet gullugynyň sözçüsi Elenora Sabatarowa Azatlyk radiosyna Imankul Teltaýewiň 20-nji noýabrda, Bişkekdäki deslapky tussaghananyň kamerasynda asylgy tapylandygyny aýtdy.

Teltaýew 11-nji noýabrda, 9 tussag türmeden gaçandan soň tussag edildi. Ol tussaglar gaçanda türme sakçylarynyň üçüsi öldürdi.

Polisiýa soň olary tapyp, üçüsini öldürdi, altysyny bolsa tussag etdi.

Tutulan tussaglaryň üçüsi soň kamerada gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.

Gaçan tussaglar gaýtadan tutulan mahalynda bir polis ofiseri we iki sany asuda adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG