Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 9 adam öldürildi


Bagdadyň günortasyndaky şaýy metjidini nyşana alan iki bomba hüjüminde azyndan 9 adam öldürildi, ençeme adam ýaralandy.

Resmiler Ýusufiýa metjidiniň ýanynda goýlan bombanyň 20-nji noýabrda, dindarlar juma namazyndan çykyp barýarkalar ýarylandygyny aýtdylar.

Howpsuzlyk güýçleri gelip ýetende bolsa, janyndan geçen bombaçy öz partlaýjyly guşagyny ýarypdyr.

XS
SM
MD
LG