Sepleriň elýeterliligi

Miýatowiç: Hökümet mediadan el çekmeli


Duşenbe, ÝHHG-nyň söz we metbugat azatlygyna bagyşlanan regional maslahaty,19-njy noýabr, 2015.

Duşenbe, ÝHHG-nyň söz we metbugat azatlygyna bagyşlanan regional maslahaty,19-njy noýabr, 2015.

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Täjigistanyň paýtagty Duşenbede, metbugat azatlygyna bagyşlanyp geçirilen konferensiýada eden çykyşynda sebitde metbugat azatlygynyň ýagdaýyndan alada bildirdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň 19-20-njy noýabrda geçirilen 17-nji konferensiýasyna Türkmenistanyň delegasiýasy hem gatnaşdy.

ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça býurosynyň inisiatiwasy bilen geçirilýän ýyllyk konferensiýanyň nobatdaky sany «Digitallaşdyrma Köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlyk guraly» diýen tema bagyşlandy.

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýä Miýatowiç öz çykyşyny köpçülikleýin habar serişdelerinde azatlyk we jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak prosesinde žurnalistiň ähmiýeti meselelerine ünsi çekmekden başlady.

«Bu meseleleri bir-biri bilen nädip utgaşdyrmaly we şol bir wagtda nädip howpsuz jemgyýetde ýaşamaly? Ýurduň howpsuzlygyna wehim abanýar we hökümet öz raýatlaryny goramaly, bu barada hiç bir söz bolup bilmez» diýip, Miýatowiç aýdýar.

«Emma şol bir wagtda bize azat adamlar ýaly ýaşamagy dowam etdirmek zerur. Eger biz aýtjak zadymyzy erkin aýdyp bilmesek, eger žurnalistler öz wezipelerini ak ýürekden, bolmalysy ýaly ýerine ýetirip bilmeseler, onda jemgyýetde kislorod galmaz, bize dem alara howa bolmaz» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňky maglumatlara görä, häzir dünýä ilatynyň 43 prosentiniň internet elýeterliligi bar diýip, Miýatowiç habar berdi.

«Eger biz häkimiýetlere ýaramaýan meselelere goşulyp, tankyt edip başlasak, habar serişdelerinde problemalar başlanýar... Men hemişe žurnalistlere aýdýaryn: size professional bolmak gerek. Size etiki kodekse eýermek zerur. Şol bir wagtda, hökümet hem öz elini habar serişdelerinden çekmeli» diýip, Miýatowiç çykyşynyň dowamynda aýtdy.

Eger biz aýtjak zadymyzy erkin aýdyp bilmesek, eger žurnalistler öz wezipelerini ak ýürekden, bolmalysy ýaly ýerine ýetirip bilmeseler, onda jemgyýetde kislorod galmaz, bize dem alara howa bolmaz.

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekiliniň sözlerine görä, žurnalistler hökümetden, oligarhlardan we jemgyýetiň beýleki gatlaklaryndan nähilidir görkezmeleri almaly däl.

«Men düşünýärin, biz ideal dünýäde ýaşamaýarys we realist bolmak gerek. Ýöne şol bir wagtda öz tagallalaryň dowam etdirmeli. Eger internet elýeterliligi çäklendirilen bolsa, ondan metbugat azatlygyna hüjüm edilýär, sebäbi digiatllaşma eýýamynda biz diňe media kompaniýalaryndan berilýän täzelikler bilen oňup bilmeris» diýip, ol aýtdy.

«Türkmenistanyň delegasiýasy ýygnananlary ýurduň köpçülikleýin habar serişdeleriniň işiniň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdy» diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň bu konferensiýa baradaky habarynda aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, halkara adam hukuklary toparlary we metbugat azatlygy boýunça gözegçilik işlerini amala aşyrýan guramalar Türkmenistanda ilatyň internet elýeterliliginiň çäkli bolup galýandygyny, häkimiýetleriň halkyň garaşsyz habar almagyna mümkinçilik berýän hemra antennalaryny sökdürýändigini, bir topar habar saýtlarynyň baglangydygyny, şol bir wagtda garaşsyz žurnalistleriň, daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýän raýatlaryň yzygiderli ýanamalara sezewar edilýändigini aýdýarlar.

Hukuk toparlarynyň maglumatyna görä, munuň soňky mysallarynyň biri Azatlyk radiosynyň we Türkmenistandan Alternatiw habarlary çap edýän guramanyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ýapyk sudda, gümürtik aýyplamalar esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi bolup durýar.

Duşenbede geçen konferensiýa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň habar serişdeleriniň, döwlet organlarynyň, ÝHHG-nyň Metbugat býurosynyň ýetmiş çemesi wekili gatnaşdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG