Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: şübheli adamlar tutuldy


Türk polisiýasy «Yslam döwleti» toparynyň güman edilýän üç agzasyny, şol sanda 13-nji noýabrda Parižde geçirilen hüjümleri gurnamak bilen ilteşikli bolmakda aýyplanan belgiýa raýatyny tussag etdi.

Resmiler belgiýaly, marokko asylly Ahmet Dahmaniniň 21-nji noýabrda, Antalýada bir kaşaň otelde tutulandygyny aýdýarlar. Beýleki iki erkek, aýdylmagyna görä ikisi hem siriýaly, şol ýeriň golaýynda tutulypdyr.

Siriýalylar Dahmanä serhetden geçip, Siriýa gelmäge kömekleşmek üçin iberilmekde güman edilýär.

Türk häkimiýetleri şu hepdäniň başynda YD bilen ilteşikli diýip güman edilýän sekiz marokkolyny deportasiýa etdi.

XS
SM
MD
LG