Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Brýussel ýokary hüşgärlige getirildi


Belgiýanyň paýtagty Brýussel, Pariždäkä çalymdaş hüjüm ähtimallygy barada alnan anyk informasiýa esasynda, ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirildi diýip, ýurduň premýer-ministri aýdýar.

Premýer-ministr Çarlz Mişel bu beýanaty 21-nji noýabrda etdi. Mişel howpsuzlyk resmileriniň ýaragly we partlaýjyly birnäçe şahsyýetiň birnäçe ýerde hüjüme başlamagynyň ähtimallygyndan howatyr edýändiklerini aýtdy.

Şäheriň metrosynyň we ýeňil-demirýol sistemasynyň işi togtadyldy, ýaşaýjylara içerde galmak maslahat berildi.

«Biz jemgyýetçilige dowla düşmezligi maslahat berýäris» diýip, Mişel aýtdy we özleriniň ähli zerur çäreni görýändiklerini sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG