Sepleriň elýeterliligi

Stambuldaky türkmen göreşleri


Gunduzly Muhammetullah pälwan (çepden saga), türk göreş mugallymy, owalky Ýewropa çempionlaryndan Selim Tataroglu we Owganystan türkmenleri jemgyýetiniň owalky başlygy, işewür Ali Çagry.

Gunduzly Muhammetullah pälwan (çepden saga), türk göreş mugallymy, owalky Ýewropa çempionlaryndan Selim Tataroglu we Owganystan türkmenleri jemgyýetiniň owalky başlygy, işewür Ali Çagry.

Türkiýede ýaşaýan türkmenler gadymdan gelýän milli göreş däplerini saklap, mundan beýläk hem ösdürmek tagallasyny edýärler. Ikinji tarapdan, nesilden-nesle geçip gelen türkmen göreşiniň tutulýan ýeri türkmen diasporasynyň Stambuldaky duşuşyk ýerine hem öwrüldi.

Şonuň bilen birlikde, Stambulyň Zeýtinburnu etrabynyň deňiz kenarynda hepdäniň her dynç alyş günleri tutulýan göreşler diňe bir Türkiýede däl, eýsem dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen doganlyk halklaryň arasynda hem bar kän meşhurlyk gazanýar.

Azatlyk Radiosy hem Stambulyň Zeýtinburnu etrabynda deňiz kenarynda tutulýan göreşleri ýerinde baryp görüp, çäräniň guramaçylary we pälwanlar bilen söhbetdeş boldy.

Stambuldaky türkmen göreşlerine bagyşlanan söhbetdeşligimizi diňläp, sizi hem öz pikirleriňizi bilen “göreş meýdanyna” çykmaga, eger bar bolsa, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG