Sepleriň elýeterliligi

Krym tümlüge gaplandy


Rus häkimiýetleri 22-nji noýabr güni irden Krymda, Ukrainadaky elektrik geçiriji diňe hüjüm edilmegi, ýarymadanyň iki milliona golaý ilatynyň tok üpjünçiliginden kesilmegi sebäpli, adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilendigini aýdýarlar.

Rus häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, Ukrainanyň Herson regionynyň üsti bilen gelýän elektrik togy geçiriji diňiň partladylmagy netijesinde kesilipdir.

TASS Krymyň Krymenergo elektrik kompaniýasynyň direktory Wiktor Plakida salgylanyp, Krymyň tümlüge gaplanandygyny habar berdi.

Krym resmileri 22-nji noýabrda, generatorlary ulanyp, ýarymadanyň esasy şäherlerini bölekleýin birikdirmegiň hötdesinden gelendiklerini aýtdylar.

Ukrain polisiýasy 20-nji noýabrda Herson regionynda iki sany geçiriş diňine zyýan ýetirilendigini, netijede Kryma barýan iki liniýanyň kesilendigini aýtdy.

Ukrain resmileri zyýan ýeten diňleri bejermekçi bolanlarynda, ol ýeriň ýoluny baglaýan aktiwistler bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýtdylar.

Rus habar gulluklary krym tatarlarynyň, Orsýetiň dolandyryşyna garşy durýan etniki toparyň bu ýerde protest geçirendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG