Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana sapar edip, gaz eksport edýän ýurtlaryň Tähranda geçýän sammitine gatnaşýar.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, ýokary derejede geçiriljek gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, ilkinji nobatda hem söwda-ykdysady, transport-aragatnaşyk we ýangyç-energetika meseleleri ara alnyp maslahatlaşlylar.

Habarda aýdylmagyna görä, türkmen prezidenti gaz eksport edýän döwletleriň baştutanlarynyň sammitine myhman hökmünde gatnaşar.

Rus metbugatynyň ýazmagyna görä, Tähranda 23-nji noýabrda rus we türkmen prezidentleriniň özara duşuşygy hem planlaşdyrylypdyr.

XS
SM
MD
LG