Sepleriň elýeterliligi

Brýussel hüşgärligi ýokarlandyrdy


Brýusselde 21-nji noýabrda dördünji derejeli howpsuzlyk hüşgärligi jar edildi.

Brýusselde 21-nji noýabrda dördünji derejeli howpsuzlyk hüşgärligi jar edildi.

Brýussel 22-nji noýabrda hem ýokary hüşgärlik ýagdaýynda galýar. Häkimiýetler jemgyýetçilige, «çynlakaý howpuň abanýandygy» sebäpli, üýşmeleňlerden çeke durmagy maslahat berýärler.

21-nji noýabrda dördünji derejeli howpsuzlyk hüşgärligi jar edildi. Belgiýanyň paýtagtynyň metro sistemasynyň işi hepde ahyrynda togtadyldy, futbol ýaryşy ýaly uly çäreler goýbolsun edildi. Otlulara, demirýol stansiýalaryna, aeroportlara goşmaça howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi.

Brýusseliň häkimi 21-nji noýabr agşamy söwda merkezleri, jemgyýetçilik binalary bilen bir hatarda şäherdäki restoranlary, kafeleri hem ýapmagy buýurdy.

Premýer-ministr Çarlz Mişel «13-nji noýabrda Parižde bolan we 130 adamy öldüren, ýüzlerçe adamy ýaralan hüjümlere çalymdaş hüjüm töwekgelligi barada diýseň anyk maglumat bar" diýdi.

Pariž hüjümleriniň jogapkärçiligini «Yslam döwletiniň» jeňçileri öz üstüne aldy we Brýussel bu jenaýat işiniň derňewiniň merkezine öwrüldi. Sebäbi Pariždäki hüjümleri amala aşyran janyndan geçen bombaçylaryň ikisi Belgiýada ýaşaýan adamlar bolup çykdy.

Pariždäki terror hüjümlerinde güman edilýän fransuz raýaty, 26 ýaşyndaky Salah Abdeslam Parižde amala aşyrylan hüjümleriň guramaçylarynyň biridir diýip bilinýär we onuň Brýussele gaçan bolmagynyň ahmaldygy çaklanylýar.

Metbugat habarlarynda öňe sürülýän pikirlerden çen tutulsa, terror howpy zerarly hüşgärleriň ýokarlandyrylmagy Abdeslamyň Brýusselde bir ýerde gizlenýändigi bilen bagly.

Pariž hüjümleriniň guramaçylarynyň ýene biri 28 ýaşyndaky Abdelhamid Abaaoud hem Marokko asylly belgiýaly bolup çykdy.

Ol fransuz howpsuzlyk güýçleriniň Parižiň eteginde, 18-nji noýabrda geçiren reýdi mahalynda öldürildi.

Belgiýa Pariž hüjümleri bilen ilteşiklilikde tutulan raýatlarynyň üç sanysynyň garşysyna jenaýat işini açdy.

Premýer-ministr Mişel resmileriň «ýaraglanan we partlaýjyly birnäçe şahsyýetiň birnäçe ýerde hüjüm etmeginden howatyr edýär» diýdi.

"Biz ilaty dowla düşmezlige çagyrýarys, sebäbi biz zerur bolan ähli çäräni görýäris» diýip, ol aýtdy.

Brýussel polisiýasy 21-nji noýabrda paýtagta geçirilen reýd mahalynda partlaýjy öndürilýän laboratoriýanyň üstüni açandygyny aýtdy.

Şeýle-de bu ýerde ýarag tapylypdyr, emma partlaýjy we janyndan geçenleriň guşaklary tapylmandyr.

Polisiýa üç adamyň tussag edilendigini aýtdy, emma goşmaça detallary aýtmady.

Brýusseliň daşynda, Belgiýanyň galan ýerlerinde howpsuzlyk hüşgärligi 3-nji derejede saklanýar.

Dünýä ýüzündäki resmiler Siriýadaky yslamçy ekstremsitlerin kömegi bilen Pariž hüjümlerini gurnan fransuz we belgiýa guramalarynyň yzyny derňeýärler.
Türkiýäniň polisiýasy 21-nji noýabrda güman edilýän üç terrorçyny, şol sanda Belgiýanyň raýaty, Marokkoda doglan Ahmet Dahmanini tussag etdi.

Brýusselde bir milliondan gowrak adam ýaşaýar, şeýle-de bu ýerde ÝB-niň we NATO-nyň, köp sanly uly korporasiýalaryň edaralary bar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG