Sepleriň elýeterliligi

Mejlis döwlet býujetini tassyklady


Türkmenistanyň parlamenti 21-nji noýabrda ýurduň 2016-njy ýyl üçin döwlet býujetini tassyklady.

Türkmen mediasy parlamentiň birnäçe kanunlary we hukuk-normatiw aktlaryny hem kabul edendigini habar berýär.

Mejlisiň esasy sereden meselesi «Türkmenistanyň 2016-njy ýyldaky döwlet býujeti hakynda» boldy diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de türkmen parlamentinde mejlisiň «Türkmenistanyň 2014-nji ýyldaky döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi boýunça kararynyň taslamasyna seredilipdir.

2016-njy ýylyň döwlet býujetiniň we 2014-nji ýylyň döwlet býujeti baradaky parlament taslamasynyň biragyzdan tassyklanandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG