Sepleriň elýeterliligi

Tbiliside 'terrorçy' tutuldy


Gürjüstanyň aňtaw resmileri özleriniň, Pariž hüjümlerinden soň howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, 29 ýaşyndaky bir erkegi terrorçylyk aýyplamalary esasynda tussag edendiklerini aýdýarlar.

Döwlet howpsuzlyk gullugy 22-nji noýabrda Dawid Borçaswiliniň bir gün ozal Türkiýeden Gürjüstana dolanyp gelendigini aýtdy.

Ol Jenaýat kodeksiniň 238-nji maddasy esasynda, daşary ýurt terror guramasyna dahyllylykda ýa-da terror toparyna kömek etmek aýyplamalary esasynda tutuldy. Howpsuzlyk gullugy başga detallary aýtmady.

Borçaswili Gürjüstana 21-nji noýabr güni irden geldi, emma resmiler ony birnäçe sagat soňra Türkiýä ugratdylar.

Türkiýe hem şol günüň özünde ony Gürjüstana deportasiýa etdi we ol Tbiliside tussag edildi.

Borçaswiliniň maşgalasy onuň bir ýyl ozal Türkiýä iş gözläp gidendigini aýdýar. Onuň Siriýada bolup-bolmany aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG