Sepleriň elýeterliligi

"Washington Postuň" žurnalisti türmä basyldy


Eýranyň sudy «Washington Post» gazetiniň žurnalisti Jason Rezaiany geçen aý içalyçylygy hem içine alýan aýyplamalarda günäli tapylyp, anyklaşdyrylmadyk türme tussaglygyna höküm edildi diýip, eýran mediasy 22-nji noýabrda habar berdi.

Bu karar Eýranyň sudunyň sözçüsi Gholam Hossein Mohseni Ejei tarapyndan yglan edildi.

IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, Ejei Tähranda guralan metbugat ýygnagynda onuň türme tussaglygyna höküm edilendigini, emma detallary aýdyp bilmejekdigini aýdypdyr.

"Gysgaça, bu türme tussaglygy, höküm entek gutarnykly tamamlanmady» diýip, ol şikaýat arzasyny nazara alyp aýtdy.

«Associated Press» Rezaianyň aklawçysy Leýla Ahsana salgylanyp, onuň bu hökümden bihabardygyny ýazdy.

Ejei 11-nji oktýabrda gazetiň Tährandaky býurosynyň başlygy, eýran hem amerikan raýaty Rezaianyň günäli tapylandygyny aýtdy, emma hiç bir detaly açmady.

Eýranyň döwlet telewideniýesi Rezaiany gaýta-gaýta “amerikan içalysy» diýip atlandyrdy, onuň maşgalasy we işleýän gazeti bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG